Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda geçen ýyl doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalarynyň 17-si goraldy

16:3921.02.2021
0
1568

Geçen ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylmyň we tehnologiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan işleriň 346-synyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edildi. 3 doktorlyk we 14 kandidatlyk dissertasiýalary goralyp, degişli alymlyk derejeleri berildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ýeri gelende bellesek, ylymlaryň doktorlygy alymlyk derejesini alanlaryň dissertasiýalary oba hojalyk ylymlary boýunça «Güýzlük bugdaýyň keselleri we olara garşy göreş çäreleri», lukmançylyk ylymlary boýunça «Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň diş-äň ulgamynyň esasy fiziologik görkezijileriniň aýratynlyklary», pedagogika ylymlary boýunça «Türkmenistanyň mekdeplerinde rus dilini okatmagyň innowasiýa usulyýeti» atly temalardan goraldy.

Ykdysady ylymlardan kandidatlyk alymlyk derejesini alanlar buhgalter hasaby, audit, statistika, ykdysadyýet we halk hojalygyny dolandyrmak hünärleri boýunça işlän bolsalar, lukmançylyk ylymlary boýunça ylmy işler kardiologiýa, ýürek-damar hirurgiýasy, urologiýa hünärlerine degişlidir.

Tehniki ylymlaryň kandidatlarynyň dissertasiýalary hem ylmyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli bolup, «Türkmenistanyň şertlerinde fotoelektrik Gün stansiýasynyň tehniki-ulanyş häsiýetnamalarynyň derňewi», «Türkmenistanyň awtoulag ýollarynyň geoinformasiýa ulgamyny döretmek meselesi» temalaryndan ýazylandyr.

«Demirgazyk Türkmenistanda gowaça tohumyny takyk ekmegiň innowasiýa tehnologiýasyny işläp düzmek», «Gowaçanyň sorujy zyýankeşleri we olara garşy göreş çäreleri» temalaryndan ylmy işlerini goranlar bolsa «oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty» diýen derejä eýe boldular.

Ynsanperwer ugur barada aýdylanda, ählumumy taryh hünäri boýunça iki ylmy işi — «Türkmenistanyň Orta Gündogar ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy (2007 — 2018 ý.)», «Türkmenleriň Garamanogullary begliginiň esaslandyrylmagy we syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösüşi» atly temalardan dissertasiýalary görkezmek bolar. Etnografiýa, etnologiýa we antropologiýa hünäri boýunça «Türkmenleriň etnik däpleri we adat kadalary», türkmen dili hünäri boýunça «Baýram hanyň we Muhammet Babyryň türkmençe şygyrlarynyň dili» atly temalardan dissertasiýalaryny goranlar degişlilikde, taryh we filologiýa ylymlarynyň kandidatlary boldular.

«Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, aspiranturalarda we doktoranturalarda ylmyň, tehnologiýalaryň öňdebaryjy gazananlaryny özleşdirýän hünärmenler taýýarlanylýar. Aspirantlaryň we doktorantlaryň ýerine ýetirýän dissertasiýalarynyň temalary Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlaryndan, tabşyryklaryndan, görkezmelerinden gelip çykýan hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda ylmy çözgütleri talap edýän ugurlar boýunça saýlanyp alynýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň