Soňky habarlar

Arhiw

Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işleri başlaýar

09:5920.02.2021
1
31082

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2021-2022-nji okuw ýyly üçin Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilim we magistratura okuw maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta ýa-da orta hünär bilimli (magistratura talyp ýerlerine ýokary bilimli), ýaşy 35-den geçmedik hem-de 2021-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşy dolýan 2020/2021-nji okuw ýylyn da ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerini tamamlaýan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Hünärleriň sanawy, Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilim we magistratura okuw maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumaty Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Galan maglumatlar bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
bayern2019 ( 01.03.2021 )

Hickim tabsyryp bilmez yaly IELTS 9 isleyaler.

6