Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti gaýtadan işlenilen pagtanyň bahalaryny kesgitledi

23:4219.02.2021
0
9487

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşleriniň bellenilen möçberlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Dokma senagaty ministrligine degişli bahalardan ýerlemäge ygtyýar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow şu gün geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda 2021-nji ýylda gaýtadan işlemek üçin 145 557,5 tonna pagta süýümini, 8 500 tonna ýüpek pagta süýümini, 200 tonna gysga süýümi hem-de 200 tonna pagta übtügini satyn almagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň