Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýaşlara MADI-de mugt okamaga mümkinçilik bar

17:3119.02.2021
0
10899

Moskwanyň Döwlet awtomobil-ýol tehniki uniwersiteti (MADI) mekdepleriň GDA agza döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň mekdepleriniň uçurymlaryny we talyplary «Ähli ýollar MADI-e eltýär» atly bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.

Ýeňijiler uniwersitetde mugt okamaga we onuň umumyýaşaýyş jaýynda tölegsiz ýaşamaga hukuk gazanarlar. Bäsleşik matematika boýunça onlaýn görnüşinde geçiriler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin 15-nji aprele çenli grant.madi.ru web saýtynda hasaba alynmaly. Synaglar 17-nji aprelde geçiriler we netijesi 28-nji aprelde belli ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň