Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynda 50 müňe golaý nokada Internet birikdirildi

23:3018.02.2021
0
27807

«Marytelekomyň» aragatnaşykçylary  ýurdumyzyň Prezidentiniň başlangyjy bilen ýakynda internetden peýdalanmaga nyrhnamalaryň peseldilmegi kommunikasiýa enjamlarynyň kuwwatlygyny güýçlendirmek boýunça mundan beýläkki meýilnamalara düzediş girizmegi talap edýär diýip hasaplaýarlar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň bellän has amatly  täze nyrhlary, gürrüňsiz, internetden şahsy peýdalanyjylaryň arasynda hem, Mary welaýatynyň edara-guramalarynyň arasynda hem internete islegi artdyrar.  

«Marytelekomyň» direktorynyň orunbasary Ýusup Nurýagdyýewiç Gammaýew:

«Geçen ýylyň ahyrynda biz stansiýamyzyň geçiriji enjamlarynyň kuwwatyny ep-esli giňeldipdik. Ol diňe bir welaýatyň ýaşaýjylarynyň internete goşulmaga üýşüp giden arzalaryny kanagatlandyrmaga däl, eýsem birnäçe müň ätiýaçlyk ýer döretmäge-de mümkinçilik berdi. Internetden peýdalanmaga nyrhnamalar peseldilenden soň geçen häzirki güne çenli aragatnaşygyň şu iň perspektiwaly tehnologiýasyna islegiň has artandygyny gördük. Adamlaryň käsi kabul ediji enjam goýdurmaga tabşyryk berse, käbirleri hasaba alnan nyrhnama meýinamasyny  üýtgetrmegi ýüregine düwüpdirler» – diýip gürrüň berýär.

Internet Mary welaýatynda aragatnaşgyň has gowy hilli we elýeter görnüşine öwrüldi. Soňky üç ýylda ondan peýdalanyjylaryň sany 4 esse artdy. Häzir welaýatda bu täze tehnologiýadan 50 müňe golaý müşderi peýdalanýar.

«Marytelekomyň» işgärleri welaýatyň içindäki ulgamy ösdürmekden başga-da, halkara taslamalaryna hem gatnaşýarlar. Olar ýurdumyzyň iň günorta nokady Serhetabatdan Owganystanyň Turgundy şäherine çenli 8 kilometrlik optiki-süýümli liniýa çekdiler we sekuntda 100 Gbit trafikli kommunikasiýa enjamyny oturtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň