Lebapdaky mekdepde Durnalar güni bellenildi

13:4018.02.2021
0
5884

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň 30-njy mekdebinde tebigaty goramak guramalarynyň nyşany bolan dünýäde iň ajaýyp guşlaryň biri Durnalar güni mynasybetli ekologiýa baýramy geçirildi. Bu waka gabatlanyp bu guşlaryň görnüşleriniň biri çal durnanyň Amyderýa jülgesinde we Lebap welaýatynyň günortasyndaky oňa golaý ýerlerde gyşlaýan döwri saýlanyldy ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Durnalar gününden öň meýdanlara çykylanda tebigaty goraýyş çärelerine gatnaşyjylar Döwletli (Tallymerjen jülgesinde) we Kerki etraplarynda (Watan, Daşkak oba hojalyk toplumlarynda), şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy howadanynda hem-de Amyderýa goraghanasynyň Kelif ornitologik çäkli goraghanasynda guşlary hasaba aldylar.

Mekdebiň jaýynda wideoaragatnaşygy arkaly bellenilen baýrama Merkezi Aziýanyň Ramsar sebit başlangyjynyň Utgaşdyryjy komitetiniň Başlygy professor E.A. Rustamow, şeýle hem – Köýtendag döwlet goraghanasynyň ylmy bölüminiň ýolbaşçysy Şanyýaz Meňliýew gatnaşdylar. Döwletli etrabynyň 27-nji mekdebiniň okuwçylary ýygnananlary biologiýa we durnalary goramak boýunça çäreler bilen tanyşdyrdylar.

«Durnalar—çagalaryň gözi bilen» atly çagalar suratlarynyň jemi jemlendi, oňa 50-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Özboluşly we päkýürekden ýerine ýetirilen ençeme işden has gowylaryny saýlamak aňsat düşmedi. Hormat hatlary we «Türkmenistanyň guşlarynyň meýdan kesgitleýjisi» (2013) aýry-aýry ugurlar – durnalaryň morfologik we ekologik aýratynlyklarynyň dogry beýan edilişi, ekologik meseleleriň milliligi we bezegi, tilsiminiň üýtgeşikligi we suratlary bezemegiň özboluşlylgy ýaly ugurlar boýunça gowşuryldy.

Ýeňijileriň arasynda – 27, 29 we 30-njy mekdepleriň okuwçylary – Mähri Şöhradowa, Marjon Ulaşbaýewa, Ogulgerek Hemraýewa, Oguljan Nyýazmyradowa, Nowruza Gurbanowa, Kadyr Egenmyradow dagy bar.

Baýram türkmen we rus dillerinde durnalar hakda meşhur aýdymlary ýerine ýetiren höwesjeň tans we hor toparlarynyň çykyşlary hem-de «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň «Durnaly – durnalaryň behişdi mekany» atly filminiň (režisýory Myrat Annageldiýew) görkezilişi bilen jemlendi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bilelikde surata düşdiler we indiki ýyl Durnalar gününi nähili geçirmek barada pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň