Soňky habarlar

Arhiw

Maýyl fewral biz bilen sowuk günlerde hoşlaşar

12:5618.02.2021
0
22689

Türkmenistanda +28 gradusa çenli maýlan howa düýn agşam öz ornuny ýene sowuk bilen çalşyp başlady. Häzirki wagtda howanyň derejesi ýurduň günbatarynda we demirgazygynda + 6° ... + 9°, günüň ahyrynda azajyk ýagyş ýagmagy bilen paýtagtda + 11°-a çenli düşdi.

Lebap we Mary welaýatlarynda şu günler howa 17-den 25 gradusa çenli maýyl. Ýöne güýçli ýel bu maýyllygy azyndan 5 gradus peseldýär.

Ertir, 19-njy fewralda ýurtda bölekleýin bulutly howa bolmagyna garaşylýar, Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabatda howa +4 ― +9 gradus aralgyynda maýyl bolar. Daşoguz sebitlerinde bolsa -2 gradusa çenli sowamagy mümkin.

Bulutly howa, güýçli ýeller we ýagynlar hepdäniň ahyryna çenli dowam eder.

Fewral adamlaryň keýpine sogan dograýar. «Gyşyň güni kyrk tüýsli».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň