Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistan AFK-nyň kubogy ― 2021-iň toparçalaýyn duşuşyklaryny geçirmek üçin ýüz tutdy

12:2018.02.2021
0
4252

Täjigistanyň Futbol federasiýasy Aziýanyň Futbol konfederasiýasyna AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn ýaryşlaryny kabul etmek üçin ýüz tutdy.

TFF yklym ýaryşynyň «E» we «F» toparçalaryny ýurduň stadionlarynda kabul etmge taýýar. Çünki bu toparçalarda Täjigistanyň «Rawşan» we «Hujand» futbol toparlary ýaryşar.

Has takygy, Aziýanyň ikinji derejeli klublaýyn ýaryşynda «Rawşan» «E» toparçada ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahalyň» garşydaşlarynyň biri bolar. Bu toparçada Gyrgyzystanyň çempiony «Dordoý» hem bar. «Hujand» bolsa Özbegistanyň wekili (AGMK ýa-da «Nasaf»), «Altyn asyr» (Türkmenistan) we «Alaý» (Gyrgyz Respublikasy) bilen «F» toparçada ýaryşar.

Duşuşyklary Duşenbedäki we Gissardaky stadionlarda geçirmek teklip edilýär ― diýip, Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ozal hem habar berlişi ýaly, AFK-nyň kubogy ― 2021-iň toparlaýyn duşuşyklary 14 ― 20-nji maý aralygynda geçiriler. 11-nji we 25-nji awgust günlerinde bolsa iki toparçanyň ýeňijisi Merkezi zolagyň çempiony bolmak üçin duşuşarlar.

Şeýle hem Täjigistanyň Futbol federasiýasy AFK-nyň Çempionlar ligasynyň «A» toparçasyndaky duşuşyklary kabul etmek üçin hem ýüz tutdy. AFK bu duşuşyklaryň geçiriljek ýerini biraz soňra yglan eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň