Türkmenabatda açylan täze dükan ilata her gün ýarym tonna et önümlerini hödürleýär

12:1318.02.2021
0
6637

Türkmenabat şäherinde ilaty et we et önümleri, şöhlat bilen üpjün edýän dükanlaryň ýene birisi işe girizildi. Ol «Wilant, S» hususy kärhanasyna degişli dükandyr ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Dükanyň çäginde önümçilik sehiniň hem ýerleşmegi ter önümleri dessine alyjylara hödürlemäge mümkinçilik berýär. Welaýat merkeziniň ilaty suw-sport toplumynyň golaýyndan geçýän köçäniň ugrunda ýerleşen onlarça hususy söwda kärhanalarynyň arasynda işläp başlanyna ýaňy bir aý bolup barýan, ýöne eýýäm ýokary hilli önümleri bilen adygan işewürlere öz hoşallyklaryny aýdýarlar.

Daşary ýurtlaryň önümçilik tehnologiýalaryndan peýdalanylýan önümçiligiň ýola goýulmagynyň netijesinde her günde kakadylan, gaýnadylan şöhlatlaryň hem-de et we et önümleriniň onlarça görnüşleriniň 0,5 tonna golaýy ilata hödürlenilýär. Hususy kärhana mallary idetmek üçin Farap etrabynda ýörite öz hojalygyny hem döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň