Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky koworking merkezinde, "Üstünlikli telekeçi üçin esasy başarnyklar" atly duşuşyk geçiriler

11:3018.02.2021
0
5906

27-nji fewralda, “Iş Nokady” koworking merkezinde telekeçilik ukyplaryny anyklamaga şeýle-de ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar üçin ýörite çäre geçiriler.

Başarnykly türkmen telekeçisi bilen geçiriljek duşuşygyň çäginde, işewürlik dünýäsine taýyn bolmak we bu işde üstünlik gazanmak üçin zerur boljak ukyplar ara alnyp maslahatlaşylar.

Esasy çykyş etjekler, Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesiniň diplomly tälimçisi we işjeň telekeçi Ilşatmyrat Hojaýew bolar, şeýle-de Lora Iskanderýan - Iş we şahsy ösüş boýunça okuwlary we webinarlar geçirmekde diplomly tälimçi, işgärler bölüminiň dolandyryjysy we çäre gurnaýjy.

Ilşatmyrat gatnaşyjylaryň soraglaryna jogap berer we islendik telekeçiniň ýüzbe-ýüz bolup biljek iň möhüm meselelerine degip geçer, şeýle hem olary nädip üstünlikli çözmelidigi barada maslahat berer.

Geçiriljek wagty: 15:00.

Gatnaşmak üçin töleg: 100 tmt.

Çärelere gatnaşmak, jemgyýetçilik çäklendirmelerini göz öňünde tutup, hökmany bellige almak arkaly şeýle-de bir gezeklik ulanylýan lukmançylyk agyz-burun örtügini dakynmak şerti bilen amala aşyrylar.

Treninge ýazylmak üçin telefon belgisi :

+993 12 46-81-65

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň