Soňky habarlar

Arhiw

Saglygy goraýyş boýunça II türkmen-koreý maslahaty geçirildi

11:2318.02.2021
0
7405

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw merkezinde meşhur koreý alymlarynyň, professorlarynyň, ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, şonuň ýaly-da, paýtagtymyzyň lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn teleköpri görnüşinde saglygy goraýyş boýunça II türkmen-koreý maslahaty geçirildi.

Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň şeýle depginli ösdürilmeginde esasy hyzmatyň Türkmenistanyň Prezidentine — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigi aýdyňdyr diýip, koreý hünärmenleri bellediler hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýän döwlet Baştutanymyza çuňňur hormatlaryny beýan etdiler.

Döwlet Baştutany saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn türkmen-koreý gatnaşyklaryna badalga berip, ony milli lukmançylyk işine täzeçil, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, keselleri anyklamagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagyna gönükdirýär.

Iş maslahatynyň dowamynda bu ugurda alnyp barlan işlere baha berildi. COVID-19-a garşy hereket etmek bilen baglylykda, ilata lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek we umuman, adatdan daşary ýagdaýlara taýýar bolmak we olara täsir etmek, pandemiýadan soňky täzeden dikeldiş babatdaky wezipeleri çözmek boýunça görlen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda ylmy diplomatiýanyň ugry hem-de alym-lukmanlaryň, bilermenleriň we hünärmenleriň arasynda yzygiderli pikir alşylmagy üçin şertleriň döredilmegi boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň