Soňky habarlar

Arhiw

«Sanly çözgüt ― IT meýdançasyndaky» oýlap tapyşlaryň sany artýar

10:4417.02.2021
0
3313

Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi bi­len bir­lik­de, Türkmenistanyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýalar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň bin­ýa­dyn­da dö­re­di­len, ho­ja­lyk ha­sap­la­şy­gy esa­syn­da iş­le­ýän «San­ly çöz­güt — IT meý­dan­ça» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tin­de tehnologik täzelikleriň, oýlap tapyşlaryň uly toplumy ýüze çykarylýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu ýerde taý­ýar­la­nan wir­tu­al sy­ýa­hat­la­ryň bi­rinde «San­ly çöz­güt — IT meý­dan­ça» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti bi­len ta­nyş­dyr­ylýar. Ins­ti­tu­tyň 2-nji ýyl ta­ly­by Pa­ra­hat Ese­no­wyň tas­la­ma­sy bilen şu sal­gy­­dan ta­nyş­mak müm­kin. «Au­to­desk 3ds Max» prog­ram­ma­syn­da iş­le­nen tas­la­ma­da IT meý­dan­ça­nyň 3 öl­çeg­li gör­nü­şi dö­re­di­lip, onuň äh­li bö­lüm­le­ri­niň işi dog­ru­syn­da ses­li dü­şün­di­riş be­ril­ýär. 360o öl­çeg­de bi­na­nyň içi­ni we da­şy­ny aý­la­nyp, gö­rüp bol­ýar. Şeý­le-de meý­dan­ça­da de­giş­li ugur­da sar­gyt­la­ryň ka­bul edil­ýän­di­gi we hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge is­leg bil­di­ren ta­rap­lar, şol san­da prog­ram­ma dü­zü­ji­ler, IT ul­gam­da iş­le­ýän­ler bi­len şert­na­ma­la­ryň bag­la­şyl­ýan­dy­gy ha­bar be­ril­ýär.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, «Türk­me­nis­tan­da hi­mi­ýa yl­my­ny we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­me­giň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy» ka­bul edil­di. Hä­zir­ki wagt­da ony dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ugur­da Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 69-njy or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy Re­jep­dur­dy Me­re­do­wyň «Hi­mi­ýa öw­ren» tas­la­ma­sy has-da özü­ne çe­ki­ji­dir. On­da wirtual bar­lag­ha­na şert­le­rin­de dür­li tej­ri­be­le­ri ge­çir­mek üçin müm­kin­çi­lik dö­re­dil­ýär. Ele­ment­le­riň dür­li tä­sir­leş­me­le­ri, hi­mi­ki ha­dy­sa­la­ryň asyl nus­ga­la­ry­na la­ýyk gör­nüş­ler ony ula­ny­jy­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär.

Ins­ti­tu­tyň 1-nji ýyl ta­ly­by Ra­hat Öwe­zo­wyň «Me­niň Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan» at­ly elekt­ron ki­ta­by­nyň hem oky­jy­la­ryň söý­gü­si­ni ga­zan­jak­dy­gy ikuç­suz­dyr. Ony oka­ýan adam ýö­ri­te prog­ram­ma­ny te­le­fo­na ýük­läp, ki­ta­byň su­rat­la­ry­ny, wi­deo­ýaz­gy­la­ry gö­rüp bil­ýär, ýag­ny su­rat­la­ryň her­si öw­re­di­ji wi­deo­gör­nüş­ler bi­len ut­gaş­ýar. Ki­tap «Uni­ty» prog­ram­ma­syn­da taý­ýar­la­nyp­dyr.

«And­ro­id Stu­dio» prog­ram­ma­syn­da dö­re­di­len «On­laýn mar­ket» hem-de «So­rag-jo­gap» tas­la­ma­la­ry ins­ti­tu­tyň 1-nji ýyl ta­ly­by Araz­dur­dy Ha­ly­mo­wa de­giş­li. «On­laýn mar­ket­de» elekt­ron söw­da­nyň döw­re­bap müm­kin­çi­lik­le­ri hö­dür­len­ýän bol­sa, «So­rag-jo­gap­da» mu­gal­lym­la­ryň ta­lyp­lar­dyr okuw­çy­la­ryň bi­li­mi­ni bar­la­ma­gy üçin bar­lag­na­ma so­wal­la­ry ýer­leş­di­ri­lip­dir.

«And­ro­id» en­jam­lar üçin ni­ýet­le­nen ýe­ne-de bir prog­ram­ma «Ze­hin­li­je» yk­jam go­şun­dy­sy­dyr. 1-nji ýyl ta­lyp Mäm­met­my­rat Mäm­met­my­ra­do­wyň iş­läp dü­zen go­şun­dy­sy ki­çi ýaş­ly ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nip, ola­ryň dün­ýä­ga­raý­şy­ny gi­ňelt­mä­ge hem-de bi­li­mi­ni bar­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şu mak­sat bi­len «Ze­hin­li­je­de» dür­li so­wal­la­ryň bar­ha çyl­şy­rym­laş­ýan top­lu­my ýer­leş­di­ril­di.

Go­log­ra­fi­ýa­nyň in­çe syr­la­ry­ny ele alan 1-nji ýyl ta­lyp Ba­ha­wed­din An­na­ny­ýa­zow go­log­ram­ma­la­ry dö­red­ýän prog­ram­ma­sy­na pa­tent al­ma­gy mak­sat edin­ýär. Ol «Un­re­al En­gi­ne» prog­ram­ma­sy esa­syn­da dö­re­di­lip­dir. Onuň go­log­ram­ma şe­kil­le­ri­ni ka­me­ra­ly ek­ran­da köp öl­çeg­li syn­lap bol­ýar. Ek­ra­nyň öňün­dä­ki adam şe­ki­liň haý­sy ta­ra­py­na se­ret­se, şol ta­ra­py gö­rün­ýär, ýag­ny ýü­zü­ňi gap­da­la öwür­seň, şe­ki­liň gap­dal­la­ry­ny, ýo­kar­sy­na se­ret­seň, ýo­kar­ky ta­ra­py­ny, hat­da ar­ka­sy­ny-da gör­mek bol­ýar. Bu usu­ly, my­sal üçin, ser­gi­ler­de ulan­mak has-da tä­sir­li bo­lup bi­ler.

Ins­ti­tu­tyň 1-nji ýyl ta­ly­by Dur­dy­gy­lyç Mer­ge­no­wyň «eMek­dep» prog­ram­ma­sy eý­ýäm dur­mu­şa or­naş­dy­ry­lyp baş­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da paý­tag­ty­myz­da­ky 2 mek­de­biň de­giş­li mag­lu­mat­la­ry ul­ga­ma ýük­len­ýär. Ol «PHP» prog­ram­ma di­lin­de «La­ravel» ki­tap­ha­na­la­ryn­dan peý­da­la­nyp dö­re­dil­di.

San­ly mek­de­bi do­lan­dy­ryş ul­ga­my mek­dep mü­di­ri­niň, mu­gal­lym­la­ryň, ene-ata­la­ryň hem-de okuw­çy­la­ryň ýa­kyn ara­bag­la­ny­şy­gy­ny üp­jün ed­ýär. Okuw­çy­nyň ýe­ti­şi­gi bi­len ene-ata­sy des­si­ne ta­nyş bol­ýar, se­bä­bi onuň alan ba­ha­la­ry ha­kyn­da-da gör­ke­zi­len te­le­fo­na SMS ha­ba­ry bar­ýar. «Iň ök­de okuw­çy­lar» bö­lü­mi­niň bol­ma­gy ýaş­la­ry has-da yh­las­ly oka­ma­ga, öz­le­ri­ni gö­rel­de­li alyp bar­ma­ga hö­wes­len­dir­ýär.

Prog­ram­ma­nyň goý­lan ba­ha­lar esa­syn­da okuw­çy­la­ryň ýe­ti­şi­gi­ni her çär­ýek­de ha­sap­la­ýan­dy­gy we beý­le­ki gör­ke­zi­ji­le­ri ýü­zug­ra jem­le­ýän­di­gi, tä­ze­lik­le­ri, üýt­geş­me­le­ri ba­sym ha­bar ber­ýän­di­gi esa­sy amat­lyk­la­ry­dyr.

Hä­zir­ki wagt­da «San­ly çöz­güt — IT meý­dan­ça» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tin­de taý­ýar­la­nan yl­my iş­ler­dir in­no­wa­si­ýa­la­ry we oý­lap ta­pyş­la­ry önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­ler ge­çi­ril­ýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň