Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýurtdaky täze ilçisi bilen TOPH taslamasy bilen bagly wezipeleri maslahatlaşdy

23:4416.02.2021
0
5651

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alşyldy.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini has-da ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, bu gaz geçiriji Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmäge, Günorta-Gündogar Aziýanyň halklarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ilçi Pakistanyň TOPH gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygyny hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek işini çaltlandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň sebit we halkara derejede ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Milletiň Lideri TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagynyň sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berjekdigine, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi. Şol gaz geçirijisi arkaly tebigy gaz Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletli iberiler.

Duşuşygyň çäklerinde taraplaryň özara gyzyklanmalaryny hem-de uly kuwwata eýe bolan iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň sazlaşykly ösýändigini nazara almak bilen, uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň