Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky koworking merkezinde “Işewürlik üçin sanly tehnologiýalar. Ýeňil dil bilen” atly duşuşyk geçiriler

13:3616.02.2021
0
4475

26-njy fewralda “Iş Nokady” koworking merkezinde “Işewürlik üçin sanly tehnologiýalar. Ýeňil dil bilen” atly mowzuk boýunça işewürler, ýokary derejeli ýolbaşçylar we telekeçiler üçin duşuşyk geçiriler.

Gatnaşyjylar, häzirki zaman sanly tendensiýalar mowzugyna degip geçerler we bu ugurdaky tejribelerini paýlaşyp, näme üçin möhümdigini, näçeräk çykdajy edip boljakdygyny we nireden alyp bolýandygyny öwrenip bilerler.

Bu duşuşykda esasy çykyş etjek, kärhanalaryň sanly öwrülişigi boýunça hünärmen Aleksandr Şabasanow bolar. Aleksandryň sanly transformasiýa we Microsoft, SAP halkara kompaniýalaryndan hem iş tejribesi bar.Aleksandr,  döwlet we hususy kärhanalarda - hususy çözgütleri gurnamakdan başlap, iri döwlet kärhanalaryny sanlaşdyrmaklyga çenli köp sanly taslamany amala aşyrdy.

Geçiriljek wagty: 18:00.

Gatnaşmak üçin bellige alynmaly.

Maksatly diňleýjiler: Işewür wekiller.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi : +993 12 46-81-65

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň