Soňky habarlar

Arhiw

Ysraýyl 21-nji fewralda karantinden çykmagyň ikinji tapgyryna başlaýar

12:2316.02.2021
0
5214

Ysraýyl Hökümeti karantini ýeňilleşdirmegiň täze tapgyryny tassyklady.

RIA Nowostiniň habaryna görä, Ysraýyl döwletinde şu ýylyň 21-nji fewralynda, sagat 07:00-dan başlap, karantinden çykmagyň ikinji tapgyry güýje girýär.    

Ýurtda epidemiýa garşy käbir düzgünlere laýyklykda söwda merkezleri, bazarlar, muzeýler, kitaphanalar, ybadat öýleri açyk bolar. Ysraýylyň "COVID-19" sanjymynyň 2 dozasyny alan raýatlary bu sanjymy alandyklaryny tassyklaýan şahadatnamalary bilen sport zallaryna, basseýnlere we dürli medeni çärelere baryp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň