Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyp mekgejöwenden bioplastik torba öndürdi

11:5616.02.2021
0
27709

Türkmenistanly talybyň işläp taýýarlan bioplastik torbalary ekologiýa zyýanly galyndylary azaldar ― diýip, «Nesil» gazeti habar berýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Himiýa we nanotehnologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Patma Igdyrowa «Ekologik taýdan arassa bioplastik materiallary öndürmegiň innowasion usuly» atly ylmy-taslama işi bilen tebigatda wagtyň geçmegi bilen ýitip, ýok bolup gidýän bioplastik torbalary almagy başardy.

Ol uniwersitetiň amaly himiýa kafedrasynyň mugallymy Atamyrat Altyýewiň ýolbaşçylygynda bioplastik serişdeleriň esasy çig maly bolan ösümlik krahmalyny almak boýunça gözleglere girişdi. Ilkinji gözlegler ýeralmanyň üstünde alnyp barlan hem bolsa, halypadyr şägirt soňra mekgejöweniň krahmalynyň has netijeli boljakdygyna göz ýetirdiler.

Mekgejöweniň düzüminiň 70 göterimini tutýan krahmal gaýnadylyp we süzülip alyndy. Soňra ol bioplastik serişdäniň esasy çig malyna öwrüldi. Irginsiz gözlegleriň netijesinde-de talyp gyz ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup bir gezek ulanylýan bioplastik torbany almagy başardy.

Ýaş alymyň aýtmagyna görä, sintetik plastikden taýýarlanan torbalar deňizlerdir ummanlaryň düýbünde hem uzak wagtlap çüýremeýän bolsa, bioplastik torbanyň çüýremegi üçin aňrysy üç-dört hepde ýeterlikdir. Talyp gyz çüýreme hadysasyny toprakda-da, suwda-da synag edip gördi. Üç-dört hepdeden soň torbadan zerre bölejik hem galmady. Topraga gömlen torba bolsa çüýräp, organiki döküne öwrüldi. Diýmek, mundan beýläk bioplastik galyndylar zyýana däl-de, toprak üçin ýokuma öwrülip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň