Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi

23:5515.02.2021
0
18572

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Mejlisde milletiň Liderine

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, harby gullukçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi, ony mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we bu merkezde işlemek üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler;

içeri işler edaralarynyň ähli düzümleriniň ýurdumyzda tertip-düzgüni, ýangyn howpsuzlygyny, awtoulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek babatda ýerine ýetirýän işleri;

ýurdumyzyň mukaddes çäklerini goramak, ony dost-doganlyk serhedine öwürmek, şeýle hem gullugyň işine öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler;

Milli howpsuzlyk ministrliginiň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, halk hojalygynyň ulgamlarynda degişli düzümleriň işlerinde kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

harby we hukuk goraýjy edaralaryň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, olar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hem-de harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabatlar berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda hem döwrüň ösen tilsimatlaryna başarjaň erk edýän ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak işlerini kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň