Soňky habarlar

Arhiw

ÝUNISEF-iň we BSGG-niň Türkmenistandaky wekilhanalary köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin onlaýn duşuşyk geçirdi

23:4415.02.2021
0
8178

Wideoaragatnaşyk görnüşinde BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýurdumyzdaky edarasy bilen bilelikde, habar beriş serişdeleri üçin onlaýn duşuşygyny geçirdi. Onda ýiti ýokanç kesellere garşy durmaga we täsir etmäge taýýarlygy üpjün etmegiň meýilnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazananlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça habarlary taýýarlamak babatda žurnalistleriň bilimini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çärä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda elektron serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hanym Kristina Weýgand çykyş edip, şu günki duşuşygyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan we halkara ölçeglere kybap gelýän meýilnamanyň diňe amala aşyrylmagyny seljermäge däl-de, eýsem, ony geljekde üstünlikli amala aşyrmak hem-de öňüni alyş çärelerini netijeli wagyz etmek üçin bar bolan serişdeleri jemlemäge mümkinçilik döredýändigini belledi.

Bu çäre Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere garşy durmaga taýýarlygy we täsir etmegi üpjün etmek boýunça milli meýilnamasynyň bir bölegidir. Bu BSGG-niň hem-de ÝUNISEF-niň wekilhanalarynyň türkmen žurnalistleri bilen bilelikde guraýan üçünji duşuşygydyr we ol ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini birleşdirmäge bagyşlanyldy.

Ozalky geçirilen duşuşyklarda arassaçylygy wagyz etmek, mekdepleri howpsuz açmak (okuw ýylynyň başynda) babatda jemgyýetçilik bilen özara gatnaşyklar hakynda maglumat bermegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň esasy meselesi giň jemgyýetçiligiň we ozaly bilen, ýaşlaryň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda maglumatlary ýaýratmagyň netijeli usullary barada žurnalistleriň bilimini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi we sebit tejribesi bilen tanyşdylar hem-de ýörite maglumatnamany işläp taýýarlamagyň usulyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Arassaçylyk baradaky wideorolikleri we animasiýa filmlerini işläp taýýarlamakda ÝUNISEF-niň ýurdumyzyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen hyzmatdaşlykda toplan tejribesi ýokanç keselleriň öňüni almak babatda hereketleri kabul etmek barada ilatyň habarlylygy boýunça görülýän çäreleriň netijeliligini görkezýär. Bellenilişi ýaly, bu işler geljekde dowam etdiriler, çünki öňüni alyş çäreleri, ozalkysy ýaly, ýokançlardan netijeli goranyş bolup durýar.

BSGG-niň ýurdumyzdaky edara binasynyň wekili COVID-19 pandemiýasy boýunça täze maglumatlary paýlaşyp, agyz-burun örtügini ulanmagyň, durmuş şertlerini we arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň