Soňky habarlar

Arhiw

Täze “bazarym.com” bazary sizi hyzmatdaşlyga çagyrýar

22:4215.02.2021
0
12225

Şu gün, “bazarym.com” täze onlaýn söwda platformasy öz işine başlady.

Harytlaryň görnüşine öý himiki serişdeleri, kosmetika, egin-eşik, hojalyk enjamlary, senetçilik önümleri girýär. Ýakyn wagtda söwda platformasyna azyk önümlerini goşmak meýilleşdirilýär.  Eltip bermek hyzmaty 24 sagadyň dowamynda amala aşyrylýar, sargyt etmek üçin hasaba alynmagyň hökmanylygy ýok, ýöne hasaba alynmak alyja birnäçe goşmaça artykmaçlyklary berýär.

Harytlaryny internet arkaly satmak isleýän telekeçiler, iň az maliýe maýa goýumlary, şahsy hasapdan satuw dolandyryşy, onlaýn platforma toparyny ulanyp önümi mahabatlandyrmak, harytlary saklamak we alyjy bilen göni aragatnaşyk ýaly “bazarym.com” söwda platformasynyň aýratynlyklaryndan peýdalanyp bilerler. Satyjylar üçin ýene bir artykmaçlyklaryň biri, satyn alnan harytlaryň sarp edijä “bazarym.com” toparynyň hut özüniň eltip bermegidir, ýagny söwda platformasynyň eltip bermek hyzmaty, satyjynyň ammarlaryndan alyjylara önümi özbaşdak eltip berer.

Täze internet söwda platformasy bilen şu salgy arkaly tanyşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň