Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebine Ýagşygeldi Kakaýewiň adynyň dakylmagy bilen bagly hoşallyk maslahaty geçirildi

11:2915.02.2021
0
1229

Ýakynda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebine toplumyň görnükli wekili Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakylmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Oňa bu bilim ojagynyň professor-mugallymlarydyr talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, nebitgaz ulgamynyň edara-kärhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti döwletimiziň hem jemgyýetimiziň öňünde bitiren aýratyn uly hyzmatlary, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň berkidilmegine, halkara abraýynyň barha ýokarlandyrylmagyna, şeýle-de milli nebitgaz ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilmegine, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine hem-de kämilleşdirilmegine, şu ugurda kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna goşan şahsy goşandy üçin Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny bu ýokary okuw mekdebine dakmak baradaky başlangyjy öňe sürdi.

Çykyşlaryň dowamynda ýokary okuw mekdebine Ýagşygeldi Kakaýewiň adynyň dakylmagynyň mynasyp çözgüt bolandygy, onuň milli nebitgaz ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmeginde, pudaga ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagynda, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamakda döwletimiziň hem jemgyýetimiziň öňünde bitiren uly hyzmatlary, şeýle-de nusgalyk ynsanperwer häsiýetleri, belent adamkärçilik sypatlary hakynda-da aýdyldy.

Ýagşygeldi Kakaýewiň düşbi, ýiti zehinli, ugurtapyjy hem başarjaň alym, kiçigöwünli, zähmetsöýer, göwnaçyk adam bolandygy barada talyp döwürlerinde ozalky Türkmen politehniki institutynda ony okadan mugallymlarynyň we halypalarynyň biri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň fizika-matematika, himiýa, geologiýa we tehniki müdirliginiň başlygy, akademiýanyň habarçy agzasy, akademik-kätip Rahmanguly Esedullaýew öz çykyşynda nygtady. Şeýle hem ol özüniň Ýagşygeldi Kakaýewiň kandidatlyk dissertasiýasynyň ylmy ýolbaşçylarynyň, doktorlyk dissertasiýasynyň bolsa ylmy maslahatçylarynyň biri bolandygyny, onuň örän bilesigeliji şägirt hasaplanylandygyny aýratyn belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň