Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenbaşy jins toplumynyň dükany açyldy

10:1915.02.2021
0
37265

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda, «Milli marketiň» hatarynda Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenbaşy jins toplumynyň dükany açyldy.

55 inedördül metrden gowrak meýdany tutýan dükanda erkekler, zenanlar we çagalar üçin möwsümleýin lybaslaryň uly toplumy satylýar. Bu ýerdäki önümleriň ählisi ýokary hili we döwrebap dizaýny bilen tapawutlanýar. Dürli ululykdaky lybaslaryň islendik müşderiniň islegini kanagatlandyrýandygyny hem aýratyn aýtmak gerek.

Dükan irden sagat 9-dan agşam 21-e çenli işleýär. Häzir bu ýerde nagt däl söwda etmek üçin hem gerekli ulgamlar ornaşdyrylýar. Şeýlelikde, ýakyn geljekde türkmen jinsisinden taýýarlanan önümleri bank kartlary bilen hem satyn alyp bolar. 

Türkmenbaşy jins toplumy ýakyn wagtda ýurduň beýleki sebitlerinde hem ýöriteleşdirilen dükanlaryny açmagy meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň önümlerine diňe bir ýurduň içinde däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da isleg uludyr. Tebigy önüm, döwrebap dizaýn, amatly bahalar bilen türkmen dokma önümleri daşary ýurtly syýahatçylaryň hem iň arzyly harytlaryna öwrülýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň