Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada güýçli ýer titreme boldy

17:3514.02.2021
0
6653

Şenbe güni Ýaponiýada 7,3 bal ululykda güýçli ýer titremesi boldy. Ýer titremesiniň merkezi ýurduň demirgazyk-gündogarynda boldy. «Komersantyň» habaryna görä, Tokionyň ýaşaýjylary hem ýer titremesini duýdular, Kanto we Tohokuda takmynan 1 million maşgala elektriksiz galdy.

Milli meteorologiýa merkezi ýurtda sunami howpuny yglan etdi we ýaşaýjylary kenar ýakasyndan uzak durmaga çagyrdy.

Seýsmologlar bu ýer titremesiniň 2011-nji ýylyň aprelinden bäri iň güýçli ýer titremesi bolandygyny aýdýarlar. Şonda 9 bal ululykda ýurduň taryhyndaky iň güýçli ýer titremesi bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň