Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropadaky garly günler dowam edýär

20:1313.02.2021
0
3979

Fransiýada «mämişi» garyň döredýän kynçylyklary dowam edýär. Ýurtdaky ýaramaz howa ulaglaryň hereketine hem ep-esli täsirini ýetirdi. Žandarma awtoulag ýollarynyň birinde ýük ulaglarynyň hereketini çäklendirmeli boldy.

Russiýanyň we Moskwanyň merkezi böleginiň ýaşaýjylary hem şuňa meňzeş ýagdaýa düşdüler. Garyň köp ýagmagy sebäpli ýollarda kilometrlerçe uzan dyknyşyklar emele geldi. Jemgyýetçilik hyzmatlary gije-gündiziň dowamynda erbet howanyň täsirine düşmezlige çalyşýan hem bolsa, häkimiýetler adamlary ulag bilen syýahat etmekden saklanmaga we gatnaw üçin jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmaga çagyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň