Maksim Kazankow «Aktobede» gözden geçirilýär

18:1613.02.2021
0
4953

Türkmen futbolynyň uçurymy Maksim Kazankow Gazagystanyň «Aktobe» futbol toparynda gözden geçirilýär. Bu barada toparyň resmi saýty habar berdi.

Şeýlelikde, 33 ýaşly ýarym goragçy gyşky transfer penjiresinde eýýäm üçünji toparda gözden geçirilýär. Mundan ozal Russiýanyň «Týumen», Ermenistanyň «Noa» toparlary hem onuň ukyplaryny synaga salypdylar.

Maksim Kazankow karýerasynda «SKA-Habarowskide» we «Tomda» bassyr iki möwsümde toparynyň iň netijeli futbolçysy bolupdy.

1987-nji ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda dünýä inen futbolçy Türkmenistanda «Nisa», «Köpetdag» we «Aşgabat» toparlarynyň köýnekçesini geýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň