Soňky habarlar

Arhiw

BSSG koronawirusyň gelip çykyşy barada deslapky hasabat taýýarlaýar

17:4413.02.2021
0
5565

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň başlygy Tedros Gebreýesus anna güni bolup geçen metbugat ýygnagynda «SARS-CoV-2» ýokanç keseliniň gelip çykyşyny öwrenýän halkara bilermenler toparynyň deslapky hasabatynyň indiki hepde çap ediljekdigini aýtdy.

Halkara bilermenler topary ýokanç keseliň dörän ýeri hasaplanýan Hytaýyň Wuhan şäherine eden iş saparyny ýaňy tamamladylar. Olaryň esasy wezipesi «SARS-CoV-2» ýokanç keseliniň döreýşiniň dört görnüşini:

  • ýabany haýwandan adama geçişini;
  • araçy haýwanyň üsti bilen adama geçişini;
  • doňdurylan azyk önümleriniň üsti bilen adama geçişini;
  • Barlamhanadan (laboratoriýa) syzyp adama geçişini öwrenmekden ybarat.

Doktor Tedros bu görnüşleriň hiç biriniň entek doly ret edilmändigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, şu hepdäniň başynda hünärmenler «SARS-CoV-2» ýokanç keseliniň barlamhanadan  (laboratoriýa) gelip çykan bolmagynyň gaty ähtimaldygyny aýtdylar. Anna güni geçirilen brifingde olar bu maglumatlary tassykladylar. 

Şu wagta çenli «SARS-CoV-2»-niň yzlary baradaky ähli deliller, bu ýokanç keseliň dörän ýeri hökmünde Hytaýyň ýabany haýwanlaryň eti satylýan söwda nokady bolan Wuhan bazaryny görkezmäge esas döredýärdi. 

BSSG-niň zunotik keseller boýunça hünärmeni Piter Ben Embarek:

«SARS-CoV-2» ýokanç keseliniň nähili başlandygy barada köp zat öwrendik. 2019-njy ýylyň dekabrynda bolup geçen hadysalara has gowy düşünýäris. Ýokanç keseliň dekabr aýynda Wuhanda işjeň ýaýrandygyny anyklap bildik Şeýle hem bazaryň satyjylaryny ýabany et bilen üpjün edijileriň ählisi hakda maglumat tapmagy başardyk.» diýip belledi.

BMG-niň metbugat gullugy «SARS-CoV-2» ýokanç keseliniň gelip çykyşyny öwrenýän halkara bilermenler toparynyň jikme-jik hasabatynyň ýakyn hepdelerde çap ediljekdigini aýtdy.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň