Soňky habarlar

Arhiw

“MB Patisserie” konditer önümleriniň görnüşini täzeledi

12:3013.02.2021
0
12588

“Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkezindäki “MB Patisserie”, paýtagtyň alyjylarynyň arasynda tiz meşhur bolan täze görnüşli önümler bilen doldurylýar.

Konditer önümleriniň sanawynda täze süýjülikler peýda boldy: kädi çizkeýki, “San Sebastiýan” çizkeýki we “MB” süýjüleri.

Her gün “MB Patisserie” konditer önümleri, onlarça görnüşli bişirilen, kökeleri, piroglary we tortlary satýar. 

Şeýle hem, isleg bildirýänler dürli görnüşli burgerleri we kokteýlleri dadyp görüp bilerler.

“MB Patisserie” - “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkezinde, her gün irden 9:00-dan, agşam sagat 20:00-a çenli açykdyr.

Belläp geçsek, “MB Patisserie”, Berkarar söwda we dynç alyş merkezinde hem hereket edýär. Bu ýerden konditer önümleriniň dürli görnüşlerini sargyt edip, öýüňize çenli getirdip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň