Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat Türkmenabat aralygynda ýükleri gatnatmak barada käbir möhüm maglumatlar belli boldy

13:0012.02.2021
0
39226

 Ozal habar berşimiz ýaly, ýük uçuşlary ýurdumyzda gaýtadan hereket edip başlandy.

Häzirki wagtda halkara ýük gatnawlarynyň Türkmenabat Halkara howa menzili arkaly amala aşyrylýandygy sebäpli, “Türkmenportal-yň” redaksiýasyna halkara ýük uçuşlarynyň Aşgabat Türkmenabat şäherleri aralygyndaky hereket edýän wagty bilen bagly ýüztutmalar gelip gowuşýar. 

Aşgabat Halkara howa menziliniň Ýük terminalynyň wekiliniň bize habar berşi ýaly, Aşgabatdan Türkmenabat şäherine, şeýle hem Türkmenabatdan Aşgabat şäherine halkara gatnawda ýük daşamak üçin aýratyn töleg tölenýär.

Takyk maglumatlary sagat 9:00 – 18:00 aralygynda şu aşakdaky telefon belgileri  arkaly alyp bilersiňiz:

+993 12 23-45-92;

+993 65 04-26-56.

E-poçta: asb.airport.cargo@online.tm

Web sahypa: ashgabatairport.gov.tm.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň