«Türkmenportal» tarapyndan geçirilen «Aşgabadyň iň gowy onlaýn dükany» bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

17:4611.02.2021
0
23141

Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Turkmenportal» 1 ― 10-njy fewral aralygynda «Aşgabatdaky iň gowy onlaýn dükan» atly bäsleşigi geçirdi.

Bäsleşigiň esasy maksady üç ugur boýunça ýeňijileri kesgitlemekden ybarat boldy. Ine, şol ugurlar: «Iň gowy hyzmat / Eltip bermek», «Hilli önüm», «Sahy satyjy».

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, görkezilen onlaýn sowalnamany doldurmak bilen, paýtagtymyzdaky onlaýn dükanlaryň 12-si gatnaşdy.

«Türkmenportalyň» redaksiýasynyň bilermen eminleri sargydyň kabul edilen we gowşurylan wagtyna, önümleriň hiline we beýleki talaplara laýyklykda 10 günüň dowamynda seljeriş-barlag işlerini geçirdiler. Şunda elektron töleg, internet meýdançalarynyň amatlylygy we beýleki hyzmatlaryna hem üns berildi.

Eminleriň gelen netijelerine görä, ýaryşyň baş baýragyna «Ynamdar» onlaýn dükany mynasyp boldy we ol «Aşgabatdaky iň gowy onlaýn dükan» diýlip yglan edildi.

Sargytlara çalt jogap berýän «Ak ýol computers» onlaýn dükany «Iň gowy hyzmat / Eltip bermek» ugry boýunça ýeňiji boldy. Bu dükanyň önümleri diňe bir Aşgabat şäheriniň çägine däl, welaýatlara hem eltip berýändigini aýratyn nygtamak gerek.

«Hilli önüm» ugry boýunça «Gipertm» onlaýn dükany ýeňiji diýlip yglan edildi. Çünki bu dükanyň hyzmat ugurlary örän giň we diňe ýokary hilli önümleri hödürleýär.


«Balary» onlaýn dükany bolsa harytlaryň gapdalyna ary balyny hem goşup sowgat edýändigi üçin «Sahy satyjy» ugry boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy.

Bäsleşigiň şertlerine görä, «Ynamdar» onlaýn söwda dükanyna baş baýrak hökmünde «Turkmenportal» tarapyndan beýan ediji wideogörnüşler taýýarlanylyp, saýtda ýerleşdiriler.
Beýleki üç ornuň eýelerine ― «Ak ýol computers», «Gipertm» we «Balary» onlaýn dükanlary üçin bolsa syn beriji makalalar taýýarlanylyp, saýtda ýerleşdiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň