Soňky habarlar

Arhiw

«Halkbank»: ösüşler sanlarda we maglumatlarda

16:4211.02.2021
0
3186

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň ähli hyzmatlaryndan 2020-nji ýylda gazanan girdejisi 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 117 göterim artdy. Bankyň 2020-nji ýyldaky arassa peýdasy barada aýdylanda, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 118 göterim ösüş gazanyldy ― diýlip, «Watan» gazetinde çap edilen makalada ýazylýar.

2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, bank tarapyndan müşderilere bank kartlarynyň jemi 405 müňe golaýy paýlanyp berildi we ýurdumyz boýunça 8 müňden gowrak söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallary gurnalyp, bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçilik döredildi. Şu ýylyň ilkinji gününe çenli bank tarapyndan ornaşdyrylan bankomatlaryň umumy sanynyň hem 144-e ýetendigini bellemek gerek.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Prossesing» merkezi tarapyndan «Altyn asyr» kartly töleg ulgamy boýunça 2020-nji ýylda geçirilen amallaryň möçberi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 123 göterim ýokarlandy. Şeýle hem bank kartlary bilen amala aşyrylan amallaryň nagt däl hasaplaşyklarynyň möçberi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende üç essä golaý artdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň