Arhiw

Lebaply telekeçiler geçen ýyl oba hojalyk önümleriniň eksportundan millionlarça dollar girdeji aldylar

16:1911.02.2021
0
5036

Geçen ýyl Lebap welaýatynyň telekeçileriniň 16-sy ýetişdiren pomidorlarynyň belli bir bölegini daşary ýurtlara ugratdylar ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Olaryň arasynda hususy kärhanalar hem, telekeçiler hem bar.

Eksporta iberilen bu azyklyk harydyň umumy bahasy 3 million 443 müň amerikan dollaryna barabar boldy. Munuň özi ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda lebaply telekeçileriň hem paýynyň uludygyny görkezýär.

Ýaşyl mäşi ýerlemekden alnan gyzyl pul bolsa ABŞ-nyň 418,5 müň dollaryna ýakynlady.

Eksport edilen önümleriň sanawynda noýba, gara jöwen, iýmlik dary, ýorunja tohumy we beýlekiler bar. Diňe iberilen iýmlik darynyň bahasynyň 215,5 amerikan dollaryndan geçendigi telekeçilerimiziň täze özleşdirilýän ugurlara barha ynamly gadam basýandyklaryndan habar berýär.

Senagat harytlaryny daşary ýurtlara iberýän hususy kärhanalaryň hem sany artýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň