Soňky habarlar

Arhiw

32 metrlik asmandaşy ýere ýakynlaşýar

11:3911.02.2021
0
16320

ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugynyň (NASA) habaryna görä, 2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda, penşenbe güni «CO» atly asmandaşy Ýere ýakynlaşar.

Ýer şarymyzdan, takmynan 345885 kilometr uzaklykda ýerleşýän asmandaşy sekuntda 11,6 kilometr tizlik bilen Gün ulgamyndan geçýär.

Asmandaşynyň uzynlygynyň 32 metrdigini göz öňünde tutup, alymlar ony Rio-de-Žaneýrodaky  Korkowa dagynyň depesinde ýerleşýän Halas ediji Mesihiň heýkeli bilen deňeşdirýärler.

NASA alymlary asmandaşynyň Ýer şarymyz üçin howp salmaýandygyna ynanýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň