Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Dota 2 we CS:GO boýunça uly baýrak gaznasy bolan ýaryş geçiriler

23:5210.02.2021
1
18617

Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy öz resmi web saýtynda «Dota 2» we «Counter-Strike: Global Offensive» kibersport ugurlary boýunça Federasiýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa  hasaba alnyşygyň başlandygyny habar berdi.

14 ýaşan we ondan uly Türkmenistanyň her bir raýaty mart aýynda geçiriljek ýaryşyň toparlaýyn tapgyryndan başlap, 3500 manat baýrak gaznasy üçin bäsleşip biler.

Ýaryşyň netijelerinden soň, federasiýa bu ugurlaryň ikisi boýunça hem Türkmenistanyň milli ýygyndysyny emele getirmegi meýilleşdirýär.

Federasiýa oýunçylardan başga ýrtda elektron sportuň metbugat işini hem kämilleşdirmek üçin teswirleýji we synçy bolmak isleýänlerden hem ýüztutmalary kabul edýär.

«Dota 2» boýunça hasaba alnyşyk 9 ― 25-nji fewral, «Counter-Strike» boýunça hasaba alnyşyk bolsa 1 ― 15-nji mart aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Shakir ( 14.02.2021 )

А где именно пройдет турнир

6