Türkmenistanyň Prezidenti ykdysadyýet we bank ulgamynyň öňünde möhüm tabşyryklary goýdy

22:4410.02.2021
0
7942

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýet we bank ulgamynyň işine bagyşlanan iş maslahatynda toplumyň işini gowulandyrmak üçin, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda hemmeleriň has tijenip işlemelidigini nygtady.

Häzirki döwürde toplumda bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanyp, işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramaly. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmaly, dünýä derejeli iň kämil usullary ulanmaly diýip belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylara degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa ýüzlenip, Garaşsyzlygymyzyň şanly ýubileýiniň bellenýän ýylynda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak we durnukly ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak üçin zerur çäreleri görmeli diýip belledi. Pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy, önümçilikleri doly kuwwatynda we bökdençsiz işletmek, pudagara algy-bergileri azaltmak boýunça yzygiderli seljermeleri geçirmek zerurdyr.

Milli Liderimiz Döwlet býujetiniň oýlanyşykly düzülmeginiň we netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Býujetiň girdeji we çykdajy bölegi boýunça meýilnamalaryň berjaý edilmegine, salgytlaryň doly we wagtynda tölenmegine, býujet serişdeleriniň rejeli hem-de maksadalaýyk sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmeli.

Halkara tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmaly, maliýe taýdan hasabatlylygyň, salgyt salmagyň kadalaryny we usulyýetini yzygiderli kämilleşdirip durmaly. Sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzda “Elektron salgyt” ulgamyny doly işe girizmek boýunça işleri çaltlandyrmaly.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, merkezi we sebit balans toparlarynyň işini talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Şonuň ýaly-da, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyna düýpli seljermeleri geçirip, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri bermek barada tabşyryk berildi.

Maýa goýumlary jemi içerki önümiň esasyny düzmek bilen, ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatyny artdyryp, ykdysady ösüşi goldaýar we goşmaça iş orunlaryny köpeltmäge ýardam berýär. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz önümçilik maksatly, hususan-da, kiçi we orta telekeçilige maýa goýumlarynyň möçberlerini we netijeliligini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin, binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny, maliýeleşdirilişini, Döwlet kabul ediş topary tarapyndan kabul edilip alnylyşyny we ulanyjylaryň hasabyna geçirilişini gözegçilikde saklamalydygyny belledi.

Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli gurluşygy tamamlanmagy we ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän hem-de Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän binalaryň we desgalaryň maliýe taýdan ygtybarly üpjün edilmegini, tölegleriň öz wagtynda tölenilmegini berk gözegçilikde saklamak gerek.

Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek üçin, kanunçylygy kämilleşdirip, gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek mümkinçiliklerini nazara alyp, “Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işini halkara tejribeden ugur alyp guramak boýunça zerur işleri geçirmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, onuň ýolbaşçysy M.Sylabowa ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, zähmete ukyply raýatlary sebitler we pudaklar boýunça işe ýerleşdirmek üçin zerur işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, şäherlerde, etraplarda we obalarda zähmet gorlarynyň hem-de bar bolan iş ýerleriniň hasabatyny ýola goýmaly we berk gözegçilikde saklamaly. Zähmet gatnaşyklary, zähmete hak tölemek we zähmeti goramak babatda hereket edýän kadalaşdyryjy namalary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly ýubileý ýylynda raýatlaryň durmuş goraglylygyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlara hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny berip, olaryň ilkinji nobatda işe ýerleşdirilmegini gözegçilikde saklamaly.

Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edara-kärhanalarda we guramalarda zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Raýatlaryň zähmet çekmäge, sagdyn we howpsuz zähmet şertlerine hukuklarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmeli. Hususan-da, zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertlerinde işleýän işgärleriň hukuklaryny doly kepillendirmeli.

Ministrligiň resmi internet web-saýtyndaky “Iş üpjünçilik sahypasynyň” mümkinçiliklerini doly ulanyp, döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalarda hünärler, kärler boýunça iş orunlaryna zerurlyklar baradaky maglumatlaryň ilata elýeterli bolmagyny üpjün etmek gerek.

Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyz pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemekde hem-de hasaplamakda takyklygy üpjün edip, öz wagtynda tölemek boýunça degişli işleri geçirmek barada tabşyryk berdi.

Pensiýa gaznasyna pensiýa gatançlarynyň doly möçberde gelip gowuşmagyny gözegçilikde saklamaly. Gaznanyň wagtlaýyn ulanylmaýan serişdelerini we pensiýa toplamalaryny maýa goýuma gönükdirip, girdejili dolandyrmagy üpjün etmeli.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegowa ýüzlenip, ykdysadyýetiň nazaryýetinden, kadalaryndan we oňyn halkara tejribesinden ugur alyp, jemi içerki önümi we beýleki makroykdysady görkezijileri hasaplamagyň usulyny kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Statistika hasabatlylygyň görnüşlerini tükelläp hem-de umumylaşdyryp, zerur bolmadyk we döwri geçen görnüşlerini aýyrmaly. Bu işleri sanly ulgam arkaly alyp barmaly.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda Halkara standartlara laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda Statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Halkara maliýe guramalarynyň resminamalarynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň görkezijileriniň dünýä jemgyýetçiligi üçin takyk beýan edilmegini gazanmak üçin, Türkmenistanyň esasy maliýe-ykdysady görkezijileri baradaky maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy M.Hojagulyýewe Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda gullugyň welaýatlarda we sebitlerde ýerleşýän düzüm birlikleriniň hem-de barlaghanalarynyň barlag-synag enjamlary bilen üpjünçiligini, önümleriň we harytlaryň dürli görnüşlerini sertifikatlaşdyrmak mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.Şonuň ýaly-da, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak we görnüşlerini köpeltmek boýunça degişli çäreleri görmek zerurdyr.

Milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, standartlaşdyryş işlerini we sertifikatlaryň berlişini ýönekeýleşdirmek hem-de hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi. Daşary ýurtlardan getirilýän we özümizde öndürilýän käbir harytlary (azyk senagaty enjamlaryny, awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, ýangyn duýduryjy we habar beriji enjamlary, split kondisionerlerini we ş.m.) barlaghana synagyndan geçirmek üçin, döwlet gullugynyň garamagyndaky barlaghanalary zerur enjamlar bilen üpjün etmeli.

Soňra döwlet Baştutanymyz Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedowa ýüzlenip, halkara bazarda, dünýä jemgyýetçiliginde ulanylýan ätiýaçlandyryşyň döwrebap görnüşlerini we hasaplamagyň kadalaryny yzygiderli öwrenmegi hem-de olary ýurdumyzda ornaşdyrmak, usulyýeti kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ätiýaçlandyryş bazar ykdysadyýetini ösdürmek we onuň durnuklylygyny pugtalandyrmak, bäsleşige ukyplylygyny we maýa goýum mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmek barada tabşyryk berdi.

Halkara standartlaryny hasaba alyp, şahsy, emläk bähbitlerini we jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyrmak boýunça hereket edýän ätiýaçlandyryş kadalaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak işlerini yzygiderli geçirmeli.

Şonuň bilen birlikde, ätiýaçlandyryş bazaryna gatnaşyjylaryň ätiýaçlandyryş medeniýetini we maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak, ätiýaçlandyryş hyzmatlary boýunça mahabatlandyrmak we wagyz-nesihat işlerini işjeň alyp barmak boýunça çäreleri görmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.Ätiýaçlandyryş ulgamynda elektron görnüşli hyzmatlary amala aşyrmak boýunça işleri hem çaltlandyrmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe hem-de täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurduň içinde puluň kadaly dolanyşygyny gazanmagyň hem-de bank ulgamynyň esasy wezipesiniň ykdysadyýetde puluň möçberini kadaly saklamak, sazlaşygyny üpjün etmek bolup, şu ýagdaýy hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi.

Karz-pul syýasatyny oýlanyşykly alyp barmaly we maliýe serişdelerini dolandyrmagy kämilleşdirmeli, ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilýän karzlaryň maksadalaýyk peýdalanylyşyny üpjün edip, netijeliligini ýokarlandyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýurdumyzda nagt puluň dolanyşygyny kadalaşdyrmaly, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň 40 göterimden ýokary bolmagyny gazanmaly.

Milli puluň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça hemişe degişli işleri geçirip, daşary ýurt puly bilen bagly amallary düzgünleşdirmeli we bu işe berk gözegçilik etmeli. Merkezi bank we beýleki banklar import geleşikleri boýunça tölegler, hasaplaşyklar geçirilende, müşderileriň manat serişdelerini resmi hümmet boýunça daşary ýurt puluna çalşanda, şu talapdan ugur almaly. Zerur bolanda bu ugurda ýörite kadalaşdyryjy namanyň taslamasyny taýýarlamaly diýip, milli Liderimiz belledi.

Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky we beýleki halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk strategiýalaryny täzeläp, olardan amatly şertlerde karzlary we maýa goýumlary çekmek boýunça işleri dowam etmegiň maksadalaýykdygy barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şunda pul geçirimlerinde goraglylygy üpjün etmek maksady bilen, kiber howpsuzlygyň ýokary derejede bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny belledi.

Soňra milli Liderimiz Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň işine ünsi çekip, rektorlara anyk tabşyryklary berdi.

Institutlaryň professor-mugallymlarynyň, ykdysatçy alymlaryň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň hünärmenleri bilen bilelikde dünýä ykdysadyýetinde garaşylýan ykdysady çökgünlikleriň tapgyrlaryny yzygiderli seljermegi hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirip biljek oňaýsyz täsiriniň öňüni almak boýunça çäreleri işläp taýýarlamagy hem-de ykdysadyýet, maliýe we bank toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy döwrüň talabyna laýyklykda guramagy hökmandyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow okuw meýilnamalaryny, maksatnamalary, kitaplary we gollanmalary ösen halkara tejribä laýyklykda yzygiderli kämilleşdirip, bilim bermegiň iň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmagy guramak gerek diýip aýtdy.

Ýokarda agzalan ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna döwlet we milli maksatnamalara, Konsepsiýalara laýyklykda, okuwyň hilini ýokarlandyrmak boýunça innowasion tehnologiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny nazary taýdan öwrenip, durmuşa geçirmek boýunça işleri güýçlendirmek tabşyryldy.

Ýerine ýetirilýän ylmy işleriň hiline uly üns bermeli we olary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylmagyny gazanmak üçin ähli zerur çäreleri görmeli. Bu ugurda dürli zehin bäsleşiklerini we telegepleşikleri yzygiderli guramaly.

Sanly ykdysadyýete geçmek amala aşyrýan ähli özgertmelerimiziň gözbaşynda durmaly. Hünärmenleri taýýarlamagyň täze innowasion usullaryny giňden ornaşdyryp, döwrüň talabyna laýyk gelýän täze hünärleri girizmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, sapaklary okatmak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek üçin daşary ýurtlaryň abraýly ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, halkara maliýe guramalary, olaryň tejribeli professor-mugallymlary we bilermenleri bilen tejribe alyşmak işlerini ýola goýmagy tabşyrdy. Bu işde sanly ulgamlaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaly. Berilýän bilimiň hilini has-da kämilleşdirmek bilen, bilim görkezijisi boýunça dünýäniň belli bilim edaralarynyň sanawyna girmek babatda zerur işleri geçirmeli.

Ylmyň we tehnologiýalaryň, şeýle hem halkara tejribäniň gazananlaryny hasaba alyp, mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak işini hemişe gözegçilikde saklamak, ykdysatçy mugallymlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler babatda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gepleşikleri yzygiderli berilmegini we makalalaryň çap edilmegini guramaly diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşini üpjün etmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini kadaly saklamak, döwletiň girdejilerini has-da artdyrmak we ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça degişli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip belledi.

Ähli pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, pul üpjünçiligini, pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini yzygiderli seljermeli hem-de bu ýagdaýlary wagtynda çözmek boýunça çäreleri görmeli. Toplumyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmeli hem-de bellenen meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça işleri giň gerimde alyp barmagyň, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň sanawyny taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerini güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň soňra nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geçen ýylda alnyp barlan işler jikme-jik we düýpli seljerildi. Şonuň netijesinde, bu pudaklaryň işindäki köp sanly kemçilikler maliýe-ykdysady toplumyň ýaramaz işlemegi, wise-premýer G.Müşşikowyň ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gowşak ýolbaşçylyk etmegi netijesinde emele geldi diýen pikir döredi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyryklaryň berlendigine garamazdan, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň maliýe ýagdaýlary düýpli öwrenilmeýär hem-de degişli teklipler berilmeýär diýip belledi. Netijede bolsa, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň esasy wezipesiniň Döwlet býujetiniň netijeli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bolup durýandygyna garamazdan, geçen ýylyň ahyrynda Döwlet býujetiniň öňündäki bergiler, ýylyň başyndaky bilen deňeşdirilende, ep-esli köpeldi.

Hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeýändigi, oalara doly gözegçilik edilmeýändigi, ministrligiň hereketsizligi sebäpli Oba milli maksatnamasynyň, şeýle hem beýleki maksatnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilen işler üçin potratçylaryň öňünde köp möçberde bergiler emele geldi. Bu bolsa 2015-nji ýyldan başlap, ençeme gurluşyklaryň taşlanmagyna getirdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde pudagara algy-bergileriň umumy möçberi 12 milliard manada golaýlaýar.

Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýeriň, biziň üçin örän möhüm bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik etmeýändigini belledi. Bu Maksatnama boýunça göz öňünde tutulan medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şeýle hem etraplarda täze, häzirki zaman obalarynyň we şäherçeleriniň gurluşyklary haýal depginler bilen alnyp barylýar. Bu yzagalaklygyň sebäplerini seljermek boýunça işler geçirilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady.

Barlaglaryň görkezişi ýaly, köp sanly desgalar taslama-çenlik resminamalary bolmazdan gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirdi. Bu resminamalar, näme üçindir, gurluşyk tamamlanandan soň, potratçy tarapyndan resmileşdirilýär. Käbir desgalaryň gurluşygy üçin ençeme ýyllardan bäri töleg geçirilmeýär.

Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak boýunça işleri guramak hem talabalaýyk alnyp barylmaýar. Mundan başga-da, hususylaşdyrylan kärhanalarda we desgalarda hususylaşdyrmagyň şertleriniň ýerine ýetirilişine doly derejede gözegçilik üpjün edilmeýär.

Ministrligiň ykdysadyýetiň hususy pudagyny, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny amala aşyrmalydygyna garamazdan, kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýan telekeçileriň sany, olaryň iş ugry we görnüşleri seljerilmeýär, bu ugurda ýüze çykýan meselelere hem ýeterlik üns berilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, telekeçiligi ösdürmek boýunça esasy işi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi alyp barýar. Ministrlik bolsa bu ugurda ýeterlik işjeňlik görkezmeýär. Has beteri-de, şeýle ýaramaz görkezijileriň bardygyna garamazdan, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowdan emele gelen ýagdaýy düzetmek boýunça hiç hili teklipler hem gelip gowuşmaýar. Şoňa görä-de, işde goýberen kemçilikleri üçin oňa berk käýinç yglan edildi hem-de bu kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. Eger bu kemçilikleri düzedilmese, onda ýarym ýylyň jemleri boýunça M.Serdarow eýeleýän wezipesinden boşadylar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe ýüzlenip, banklaryň işine hem Hökümetde köp sanly nägilelikler bar diýip belledi. Merkezi bank ileri tutulýan milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmalydyr hem-de ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça beýleki banklaryň işini ýokarlandyrmalydyr.

Siziň häzirki döwürdäki esasy wezipäňiz milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamakdan ybaratdyr. Ýöne häzir-ä bu iş talabalaýyk ýerine ýetirilmeýär. Has beteri-de, manadyň hümmetini berkitmegiň deregine, banklaryň ýolbaşçylary bu işe goşulmaýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Möhleti geçen üzülmedik karzlaryň galyndysynyň häzirki döwürde 1 milliard manada golaýlaýandygy hem banklaryň işiniň hilini görkezýär. Muňa garamazdan, banklar karzlary üzmek boýunça degişli çäreleri geçirmeýärler, hususy haryt öndürijileri maliýe taýdan goldamak babatda çeýe karz syýasatyny alyp barmaýarlar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şeýle hem karz serişdeleri berlende, girew üpjünçilik ulgamyny ýönekeýleşdirmeýär.

Hökümetiň oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak boýunça karary hem ýaramaz ýerine ýetirilýär. Hasaplaşyklaryň nagt däl görnüşini ornaşdyrmak boýunça çäreler hem talabalaýyk guralmaýar. Elektrik energiýasy, tebigy gaz, jemagat hyzmatlary, demir ýol petekleri we beýleki tölegler üçin kartlaryň kömegi bilen ilatyň tölemek mümkinçiligini üpjün etmek boýunça bilelikdäki iş pes derejede alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe banklara ýaramaz ýolbaşçylyk edip, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek soňky gezek duýduryldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýarym ýylyň jemleri boýunça bank toplumynyň işine ýene-de bir gezek düýpli serediler we şonda Merkezi bankyň we beýleki banklaryň ýolbaşçylarynyň işine gutarnykly baha berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň