Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti banklaryň ýolbaçylaryna käýinç yglan etdi

22:4110.02.2021
0
23934

Türkmenistanyň Prezidenti 10-njy fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly maliýe-bank toplumynyň işine bagyşlanan iş maslahatynda ýurduň banklarynyň ýolbaşçylarynyň işlerine nägilelik bildirdi we olara käýinç yglan etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Annadurdyýew Merdan Öwezowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy Hajyýew Meýlisgeldi Çarygeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy Jumagylyjow Jumagylyç Pirmuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Jepbarow Rahimberdi Jepbarowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygy Baýramow Serdar Agamyradowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy Aganiýazow Sahymyrat Abdyrahmanowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Arabow Myrat Sapardurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Täçmuhammedow Täçmuhammet Ýazmuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Gurbandurdyew Serdar Hojanazarowiçe käýinç yglan edildi.

Şeýle-de okaň!

Türkmenistanyň Prezidenti ykdysadyýet topluma gözegçilik edýän wise-premýere käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň maliýe we ykdasadyýet ministrine soňky gezek duýduryş berildi we berk käýinç yglan edildi

Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygyna soňky gezek duýduryş berdi we berk käýinç yglan etdi

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň