Arhiw

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 30-a golaý desga hususyýetçilige hödürlenilýär

16:3510.02.2021
0
23015

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi «Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildiriş bilen döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berdi.

Bäs­le­şik­li söw­da­lar 2021-nji ýy­lyň 26-njy fewralyn­da sa­gat 10:00-da Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň ja­ýyn­da ge­çi­ril­ýär.

Sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ar­ça­bil şa­ýo­lu­nyň 156-njy ja­ýy.

Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Aşgabat şäheriniň we Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň satuwa çykarýan desgalarynyň sanawy.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz wagtynda ýüztutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli däl edara görnüşli taraplary we daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalar, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler. Ýüztutmalary kabul etmek we hasaba almak şu habaryň çap edilen gününden başlap, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde amala aşyrylýar we bäsleşikli söwdalaryň başlanmagyna 24 sagat galanda tamamlanýar. Bäsleşikli söwda gatnaşyjylary hasaba almak bäsleşik geçirilýän güni sagat 9:00-da başlanýar. Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi, desgalar baradaky goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi, degişli ugurdaş bölümleri tarapyndan berilýär. Bäsleşikli söwdalara gatnaşyjylara hususylaşdyrylýan desgalar baradaky maglumatlar bilen öňünden tanyşmaga mümkinçilik berilýär.

Döwlet eýeçiligindäki desgalar onuň borçnamalary bilen bilelikde hususylaşdyrylýar.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon belgileri:

Aşgabat şäherinde (+993 12) 92-26-11; 39-46-72/75;

Änew şäherinde (+993 137) 33-0-21; 33-1-80;

Balkanabat şäherinde (+993 222) 7-89-34; 7-89-17; 7-89-53;

Daşoguz şäherinde (+993 322) 9-10-19; 9-15-10;

Türkmenabat şäherinde (+993 422) 6-11-52; 6-11-59;

Mary şäherinde (+993 522) 6-06-87; 6-06-41.

Şu maglumatlar aşakdaky internet sahypasynda hem ýerleşdirildi: www.fineconomic.gov.tm.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň