Soňky habarlar

Arhiw

“Ak Tam Bazaryna” Ariston enjamlary goşuldy

14:5610.02.2021
0
4293

“Ak Tam Bazary” taslamasy, “Ariston” dükanynyň ýyladyş we gyzgyn suw üpjünçilik ulgamlary boýunça dünýä belli brendiniň onlaýn söwda platformasyna goşulandygyny habar berýär.

Italýanyň önümi bolan “Ariston” enjamlary, ýokary hilli we öndürijiligi bilen tapawutlanýar.

Iň oňat tehnologiýany we kepillendirilen enjamlary netijeli ulanmak arkaly müşderiler tehniki hyzmat we komponentleri çalyşmak çykdaýjylaryny şeýle hem energiýany ep-esli tygşytlaýar.

“Ariston”, termiki rahatlyk boýunça dünýäde öňdebaryjy “Ariston Thermo Group” toparyna degişlidir.

Dükanyň assortimentlerini, “Ak Tam Bazary” web sahypasyndaky dükanyň bölüminden tapyp bilersiňiz.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň