Soňky habarlar

Arhiw

Kori Anderson: «Ýagşymyradow baradaky maglumatlary «Google»-dan gözledim»

13:1510.02.2021
0
30478

Garyşyk söweş sungatlarynyň amerikaly wekili Kori Anderson «Bellator 256» ýaryşyndaky garşydaşy Döwletjan Ýagşymyradow barada ýeterlik maglumatynyň ýokdugyny aýtdy. Bu barada «Cageside Press» habar berýär. Olaryň tutluşygy şu ýylyň 9-njy aprelinde bolar.

«Ýagşymyradow hakyndaky maglumatlary «Google»-dan gözlemeli boldum. Ilki bilen menejerimiň ony adyny dogry ýazandygyna göz ýetirmeli boldum. Men ony ozal görmändim, tanamokdymam. Bu ýigidiň, hakykatdanam, gowy tilsimleri bar. Ýazgylaryna tomaşa etdim, gelip çykan sebitinde-de meşhur. Gözlegleriň dowamynda Watanynda köp sanly janköýeriniň bardygyna göz ýetirdim. Ýöne ony tanamaýandygym hiç zady aňlatmaýar» diýip, Kori Anderson metbugat ýygnagynda aýtdy.

31 ýaşly amerikaly pälwan Kori Anderson tutluşyklara 2013-nji ýyldan bäri gatnaşýar. Ol «Ultimate Fighter»-iň 19-njy möwsümindäki ýeňşi bilen meşhurdyr.

Ol geçen ýylyň noýabr aýynda «Bellatorda» garyşyk söweş sungatlarynyň we kikboksingiň weterany Melwin Manhoefden üstün çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň