Soňky habarlar

Arhiw

BSG Wuhanda koronawirusyň gelip çykyşy baradaky derňewi jemledi

19:3209.02.2021
0
9653

9-njy fewralda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Wuhan şäherindäki işiniň netijeleri barada ýörite brifing geçirildi.

Hünärmenler pandemiýa sebäp bolan koronawirusyň döremegi üçin dört çaklamany gözden geçirdiler.

BSGG-niň Wuhan şäherindäki missiýasynyň başlygy Piter Ben Embarekiň pikiriçe,

- koronawirusyň gelip çykyşy baradaky çaklamanyň haýwandan bir adama aralyk baglanyşyk arkaly geçmegi ähtimal;

- wirusyň doňdurylan iýmit arkaly ýokaşmagy hem ähtimal;

- SARS-CoV-2 koronawirusynyň ýarganatdan adama göni ýaýramagynyň mümkin;

- laboratoriýa hadysasy netijesinde wirusyň gelip çykyşynyň ýokaşmagy baradaky çaklama hakykata gaty ýakyndyr.

Wuhan uniwersitetiniň we Wanke jemgyýetçilik saglygy we waleologiýa institutynyň wise-rektory Liang Wannian alymlar 2019-njy ýylyň dekabryndan öň Wuhan şäherinde täze görnüşli koronawirusyň bardygyny subut etmediler diýip belleýär.

Bilermenleriň pikiriçe, 2019-njy ýylyň dekabrynda Wuhan şäherindäki Huanan bazaryndan başga-da koronawirusyň ýaýramagy beýleki bazarlarda-da boldy.

Liang Wannian koronawirusyň Wuhan şäherindäki Huanan deňiz önümleri bazaryna nädip baryp ýetendigini anyklamak üçin ýeterlik maglumatyň ýokdugyny aýtdy. Onuň pikiriçe, alymlar pandemiýa sebäp bolan SARS-CoV-2 ştammynyň gönüden-göni başlangyjy bolan koronawirusy tebigatda tapmadylar.

Onuň pikiriçe, "global pandemiýa sebäp bolup bilýän wirus, elbetde, adam gurşawyna gowy uýgunlaşmak ukybyna eýe bolmalydyr".

Täze koronawirusyň çeşmesine öwrülen haýwan entek anyklanylmady.

Şeýle-de okaň!

Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasy Wuhanda koronawirusyň çeşmesini gözläp başlaýar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň