Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti hemmeleri ýokanç kesellere garşy bilelikde göreşmäge çagyrdy

16:5709.02.2021
0
14776

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda ýokanç keselleriň öňüni almak ýaly möhüm meseläniň üstünde durup geçdi. Siziň bilşiňiz ýaly, biziň halkymyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähim bar. Şu pähimden ugur alyp, döwletimiz raýatlarymyzyň abadan, bagtyýar we sagdyn durmuşda uzak ömür sürmegi üçin hemişe uly alada edip gelýär. Mähriban halkymyzyň saglygy bilen bagly işlerde hiç hili serişde gaýgyrmaýar diýip, milletiň Lideri nygtady.

Siziň bilşiňiz ýaly, häzirki döwürde dünýäniň köp ýurdunda ýiti öýken sowuklama keseli bolan, koronawirus ýokanjy giňden ýaýrady. Türkmenistanda bu keseliň öňüni almak üçin öz wagtynda ähli zerur çäreler görüldi diýip döwlet Baştutany belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti maslahata gatnaşyjylara, ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ýaňy-ýakynda bu ýokanjyň garşysyna sançmak üçin ýokary hilli we howpsuz waksinalaryň iki görnüşiniň ýurdumyzda hasaba alnandygyny we bu işleriň dowam etdirilýändigini belledi.

Biz iň gymmatly baýlyk bolan halkymyzyň saglygyny goramak üçin ähli zerur çäreleri göreris. Ýöne, muňa garamazdan, eziz watandaşlarymyz, saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan talap edilýän arassaçylyk kada-kanunlaryny berjaý etmek her birimiziň borjumyzdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň