Türkmenistanyň Prezidenti jemgyýetçilik guramalarynyň işine nägilelik bildirdi

16:5009.02.2021
0
11874

― Ýurdumyzda jemgyýetçilik guramalarynyň işini utgaşdyrmak hem talabalaýyk alnyp barylmaýar. Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň jemgyýetçilik taýdan goldawy ýeterlik däl. Bu çäreler, köplenç, bir gezeklik geçirilýär, soňra bolsa unudylýar. Şoňa görä-de, her bir başlanan işi ahyryna çenli ýerine ýetirmek gerek ― diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji fewralda geçiren iş maslahatynda aýtdy.

Ýaşlar guramasy hem gowşak işleýär. Ykdysadyýetimizi ösdürmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny goldamakda ýaşlaryň işjeňligi duýulmaýar. Döwletimiziň ýaşlar üçin köp işleri edýändigine garamazdan, Ýaşlar guramasy hiç hili başlangyç bilen çykyş etmeýär. Ýurdumyzda bolsa ýaş nesilleriň mynasyp bilim-terbiýe almagy, sport bilen meşgullanyp, talabalaýyk dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Döwlet Baştutany döredilen şu şertlerden netijeli peýdalanylmalydygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti aýdylan şu tankydy belliklerden degişli netije çykaryp, ýagdaýy düzetmek üçin zerur çäreleri görüp, alnyp barylýan işleri has güýçlendirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň