Arhiw

Berdimuhamedow: «Oba ýerlerinde saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleri çaltlaşdyrmaly»

16:3809.02.2021
0
24032

8-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamyndaky käbir işlere nägileligini bildirdi.

Döwlet Baştutany saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän özgertmeleri, aýratyn-da, oba ýerlerinde çaltlandyrmaga örän düýpli üns berilmelidigini, häzirki döwürde täze saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygynyň hem, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek işleriniň hem ýaramaz alnyp barylýandygyny belledi.

Milletiň Lideri ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek barada kabul edilen maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň-de çaltlandyrylmalydygyny, şäherleriň we obalaryň arassaçylygyna aýratyn uly üns berilmelidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň