Türkmenistanda Internet ulanyjylaryň nyrh meýilnamalarynyň bahalary awtomatiki ýagdaýda üýtgedildi

10:5309.02.2021
1
108555

Düýn Türkmenistandaky Internet paýlaýjy serwerler ähli müşderilerini awtomatik ýagdaýda täzelenen nyrh meýilnamalaryna geçirdiler. Meýilnamada görkezilen bahanyň galyndysy olaryň şahsy hasabyna yzyna gaýtarylyp berildi.

Mysal üçin, sekuntda 2 Mbit tizlikli Internet üçin müşderi ozalky baha boýunça 350 manat tölän bolsa, bu mukdaryň 150 manady müşderiniň hasabyna yzyna geçirip berildi. 1-nji fewraldan başlap, bu nyrh meýilnamasynyň bahasy 200 manada çenli arzanlady.

Müşderiler öz ulanýan nyrh meýilnamalaryny has ýokary tizlikli meýilnama islän wagtynda çalşyp bilerler. Meýilnamany üýtgetmek üçin olardan hiç hili goşmaça töleg alynmaýar. Munuň üçin «Türkmentelekomyň» we AŞTU-nyň müşderileri «Şahsy hasabyndaky» «Hasaplaşyk» bölümine girip, ulanýan nyrh meýilnamasyny dolandyryp bilerler. Döwrebap sanly mümkinçilikler bu işi ozalkylaryndan ep-esli ýeňilleşdirdi.

Ýeri gelende aýtsak, ýurtda  şahsy taraplar üçin indi sekuntda 256 Kb Internet 100, 512 kb Internet 150, 1024 Kb Internet 170, 2048 Kb Internet 200 manatdan berilýär.

Müşderiler nyrh meýilnamasyny üýtgetmek üçin raýatlyk pasporty bilen Internet bilen üpjün edijiniň ýerli nokatlaryna hem ýüz tutup bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň