Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlardan ylmy işgärleri taýýarlamak meselesine ünsi güýçlendirmegi tabşyrdy

23:5708.02.2021
0
11587

8-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer M.Geldinyýazowa we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýewe ýüzlenip, häzirki döwürde ýaşlardan ylmy işgärleri taýýarlamak işiniň talabalaýyk alnyp barylmaýandygyna nägilelik bildirdi.

Milletiň Lideri döwletimiziň gowy maddy-enjamlaýyn binýady döredendigine we döredýändigine garamazdan, ylmy ösdürmegiň, aýratyn-da ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmegiň anyk maksatnamasynyň hem ýokdugyna ünsi çekdi.

Sanly ykdysadyýeti dolandyrmak boýunça ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamak işleri ýeterlik derejede alnyp barylmaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň sanly bilime, aýratyn-da, umumymilli ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak wezipelerini çözmäge uly üns bermegi talap etdi.

Nygtalyşy ýaly, orta mekdepler üçin hem, ýokary okuw mekdepleri üçin hem okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek we täzelerini taýýarlamak işleri yza galýar, hünärmenleri taýýarlamagyň dünýä tejribesi az öwrenilýär hem-de ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşmak üçin beýleki ýurtlar bilen wideokonferensiýalary ýygy-ýygydan gurap durmaly diýip, Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň