Aşgabatdaky Amerikan merkezinde webinar geçiriler

14:5208.02.2021
0
10659

Aşgabatdaky Amerikan merkezi «EducationUSA» maksatnamasynyň Abu Dabiniň Nýu-Ýorkdaky uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar boýunça hünärmeni Darýa Anisimowa we Los Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň hasaplaýyş himiýasy bölüminiň aspiranty Selbi Nuryýewa bilen global bilim boýunça webinar geçirjekdigini habar berdi.

Webinar 12-nji fewral, anna güni sagat 18:00-da (Aşgabat wagty) başlanar.

Global bilim ösüş üçin möhüm bolan başarnyklary, gymmatlyklary we bilimleri ösdürýär. Global bilim Abu Dabiniň Nýu-Ýorkdaky uniwersitetiniň bilim missiýasynyň we okuw meýilnamasynyň möhüm bölegi. Webinara gatnaşmak bilen, uniwersitetiň akademiki möwsümler, tomusky tejribe we bakalawr okuwlary arkaly talyplary has giň global kontekstde nädip öňe sürýändigini öwrenip bilersiňiz.

Şu salgy arkaly webinarda hasaba alnyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (99312) 36 90 16/22.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň