Elon Mask ilkinji ogul perzendiniň ýüzüni görkezdi

10:0708.02.2021
0
11333

Elon Mask Kanadaly aýaly, aýdymçy Graýmsdan bolan X AE A-Xii atly ilkinji ogul perzendiniň täze suratlary bilen muşdaklaryny seýrek begendirýär. Emma, bu gezek «Tesla» bilen «SpaceX» şereketleriniň düýbüni tutujy we başlygy Elon Mask 9 aýlyk oglunyň ýüzüni şahsy twitter sahypasynda görkezmeklik bilen, özüniň ozalky kadasyndan çykdy.

Mask surata: «Özümden soňky ikinji patyşalyk» diýip ýazyp, gol çekipdir.  

Elon Maskyň şahsy twitter sahypasyna ýazan beýany bilen köp teswir toplamaklygy, onuň muşdaklaryny  biperwaý galdyrmandygyny görkezýär.

«Soňky Patyşalyk»  872-nji ýyldaky wakalary şekillendirýän köp bölümli çeper film bolup, onuň ilkinji bölümi 2020-nji ýylyň aprelinde hödürlendi.
.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň