Soňky habarlar

Arhiw

Sirokko şemaly Fransiýanyň asmanyny mämişi reňke öwürdi

18:3407.02.2021
0
2886
Sirokko şemaly Fransiýanyň asmanyny mämişi reňke öwürdi

Käbir Ýewropa ýurtlarynyň ýaşaýjylary asmanyň mämişi reňke öwrülen görnüşine şaýat boldular. 

«Euronews» agentliginiň habaryna görä, bu hadysanyň sebäbi Sahara çölünden tozan getiren siklon bolupdyr. Güýçli gury sirokko şemaly tozan buludyny beýiklige çykardy we Afrikadan Ýewropa geçip başlady. Şenbe güni bu sary-mämişi tozan bulutlary Fransiýanyň, Şweýsariýanyň we Ispaniýanyň üstünden geçdi.

«Kopernik», kosmos gözegçiliginiň Ýewropa maksatnamasyna görä, Fransiýadan soň tozan buludy gündogara - Italiýa we Maltanyň üsti bilen Balkanlara, Gresiýa we Ortaýer deňziniň gündogar ýurtlaryna tarap hereket edip başlady.

Çölden tozan güýçli şemal arkaly kem-kemden ýaşaýyş ýerlerine düşýär we şeýle hadysadan soň, daglyk sebitdäki şypahanalaryň eňňitleri çöl gümmezlerine meňzeýär.

Meteorologlar bu tebigy hadysanyň palçyk ýagyşy bilen gutaryp biljekdigine ynanýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň