Aşgabatdaky «Teke» bazarynyň resmi web saýty açyldy

12:3207.02.2021
0
20807

Müşderiler bilen has ýakynlaşmak üçin 2021-nji ýylyň başynda Aşgabadyň Bazarlar assosiasiýasynyň 2-nji «Teke» bazarynyň resmi web saýty açyldy. Saýt üç dilde ― türkmen, rus we iňlis dillerinde hyzmat edýär.

Saýtdan bazaryň ýerleşýän ýeri, taryhy we söwda nokatlary bilen tanşyp bolýar.

Bazar bölek söwda işini alyp barýar. Bazaryň söwda tekjeleri bolup, onda gök we bakja önümleri satylýar. Bazaryň azyk we azyk däl harytlary dükany, jemgyýetçilik iýmiti nokatlary hem-de hyzmat ediş nokatlary hereket edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň