Türkmenistanyň Prezidenti ulag we aragatnaşyk boýunça wise-premýere berk käýinç yglan etdi

23:3006.02.2021
0
21281

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Öwezow Baýramgeldi Orazgeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi ― diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow pudakda alnyp barylýan işler bilen bagly geçiren iş maslahatynda ulag we aragatnaşyk ulgamynda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň depginleriniň pesdigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.

Milletiň Lideri toplumyň ähli düzümleriniň girdejililigini ýokarlandyrmak ugrunda bar bolan ähli mümkinçilikleri doly herekete girizmek, edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak üçin zerur tagallalary etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň