Arhiw

Türkmenistanda dürli jandarlar üçin binalaryň gurluşyk kadalary tassyklanyldy

21:3506.02.2021
0
8242

Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda çykaran MB-148 belgili buýrugy bilen «Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalar we jaýlar» atly TGK 2.10.03-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary tassyklanyldy.

Buýruk Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji Karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, şähergurluşyk, binagärlik we gurluşyk çygrynda döwlet kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen berildi.

Oňa laýyklykda, «Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalar we jaýlar» atly TGK 2.10.03-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary tassyklanyldy.

Bu kadalar Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtyndaky şu salgyda doly berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň