«Muhammet-Balkan» kompaniýasy «Meňli» zenan aýakgaplarynyň täze görnüşlerini öndürip başlady

20:4006.02.2021
0
10004

«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti deri önümleriniň hataryna «Meňli» haryt nyşanly zenan aýakgaplaryny hem goşdy. Aýakgaplar hakyky deriden taýýarlanyp, milli we Ýewropa nusgalary bilen özüne çekýär.

Bu hojalyk jemgyýeti tebigy deriden öndürilen ýokary hilli önümleriň görnüşini köpeltmek bilen, müşderileriň söýgüsini gazandy. Içerki sarp ediş bazaryny kanagatlandyrmak üçin kompaniýa dürli stildäki, reňkdäki aýakgaplary öndürýär. Onuň erkek, çagalar we sport aýakgaplary ilat arasynda eýýäm meşhurdyr. MB önümleri üçin çig maly diňe ýerli öndürijilerden alýar, bu bolsa bahalara oňaýly täsir edýär.

MB-niň paýtagtda we sebitlerde dükanlar ulgamy bar. Hojalyk jemgyýeti dürli aýakgaplardan başga-da, hakyky deriden ýasalan gapjyklaryň we torbalaryň önümçiligini hem özleşdirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň